Mars planetasyny öwrenmek üçin howa şary uçuryldy

  • 20.07.2020 16:46
  • 6k+

Marsy öwrenmäge niýetlenilen BAE-niň “Al-Amal” (“Umyt”) howa şary bilen H-IIA ýapon raketa-göterijisi duşenbe güni Tanegasima adasyndaky kosmodromdan uçdy. Uçuşy Mitsubishi Heavy Industries korporasiýasy göni ýaýlymda görkezdi. Onuň maglumatlary boýunça, uçuş üstünlikli amala aşyryldy. Enjam raketa-göterijisinden 430 km beýiklikde aýryldy we bellenilen ýol boýunça hereketini dowam etdirdi. Bu barada nauka.tass.ru habar berýär.

NASA amerikan kosmiki agentliginiň ýolbaşçysy Jim Braýdenstaýn hem Birleşen Arap Emirliklerini üstünlikli uçuş bilen gutlady. Ol umydyň häzir dünýä üçin gerek zatdygy bilen bagly pikirini aýtdy hem-de “biziň hemmämize” beren ruhubelentligi üçin BAE-ne minnetdarlyk bildirdi.
“Al-Amal” howa şaryny ibermeklik ýakymsyz howa şertleri sebäpli iki gezek yza süýşürildi. Ýaponiýada bir hepdeden gowrak wagt ýurduň günorta-günbatarynda suwuň basyp almagyna hem-de süýşgüne getiren çabgaly ýagyş ýagdy.
1350 kg töweregi agramly enjam BAE-niň Kosmiki agentliginiň, Muhammed ben Raşid adyndaky kosmiki merkeziň we üç sany amerikan uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygynda döredildi. Howa şaryny ýygnamak işi Boulderde alnyp baryldy, şondan soň Ýaponiýa getirildi. Emirates Mars Mission taslamasynyň ýolbaşçysy Omran Şarafyň aýtmagyna görä, taslamanyň bahasy, uçurma işinden başlap, 200 million dollara barabar boldy.
“Al-Amal” howa şarynyň kömegi bilen alymlar planetada her günki we möwsümleýin howa döwürlerine, şeýle-de howa güýçli täsir edýän tozanly tupanlara gözegçilik ederler. Ýatlap geçsek, kosmosy özleşdirmäge ýaňy girişen BAE Ýeri daş aralykdan zond arkaly barlama üçin üç sany hemrany orbita çykardy. Olaryň ikisi Günorta Koreýa tarapyndan taýýarlanyldy we Russiýa tarapyndan uçuryldy, BAE-niň hususy önümi bolan üçünji hemra Ýaponiýa tarapyndan uçuryldy.

şu gün 16:08
1.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

düýn 10:01
3.6k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.9k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.8k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......