Alymlar okuwçylaryň COVID-19 bilen kesellemegine karantiniň täsirini bahalandyrdylar

  • 20.07.2020 16:20
  • 12k+

Alymlar okuw jaýlarynyň işleýiş düzgüni COVID-19 bilen bagly ýagdaýa täsir etmeýär diýen netijä geldiler. Bu barada newdaynews.ru habar berýär.

Finlýandiýanyň saglyk we abadançylyk institutynyň hem-de Şwesiýanyň jemgyýetiň saglygyny goraýyş agentliginiň hünärmenleri pandemiýa bilen baglylykda ähli okuw jaýlarynyň karantin üçin ýapylan ýeri bolan Finlýandiýada hem-de başlangyç mekdepleriň adaty ýagdaýda işlän ýeri bolan Şwesiýada çagalaryň koronawirus bilen keselleýiş göterimini seljerdiler. Bu iki ýurtda kesellän okuwçylaryň sany birmeňzeş diýen ýalydy, ýagny Finlýandiýada 96, Şwesiýada bolsa 98. Mundan başga-da, karantin tamamlanyp, mekdepler açylandan soň kiçi mekdep okuwçylarynyň arasynda kesellileriň ösüşi (diňe barlaghana tarapyndan tassyklanylan ýagdaýlar hasaba alyndy) üýtgemedi. Finlýandiýanyň mekdeplerindäki okuwçylaryň sany 550,5 müň adama, Şwesiýada 1 milliondan gowrak adama barabar.
Alymlar Finlýandiýada bir ýaşdan 19-a çenli ýaş aralygyndaky 584 çaganyň koronawirus bilen keselländiklerini habar berýärler. Bu kesellänleriň umumy sanynyň 8,2%-ini tutýar. Şwesiýada şol ýaş aralygyndaky toparyň arasynda koronawirus bilen kesellemegiň 1124 ýagdaýy bellige alyndy, bu ýurtdaky ähli kesellänleriň 2,1%-ine barabar.
Şunuň bilen birlikde iki ýurtda-da çagalaryň arasynda koronawirusdan ýogalan bolmady, intensiw terapiýa bölümine bolsa Finlýandiýada 1 çaga, Şwesiýada 14 çaga düşdi. Alymlar çagalar koronawirus boýunça howp astyndaky topara girmeýär we ýokanjyň geçmegi nukdaýnazaryndan düýpli rol oýnamaýar diýen netijä geldiler.

şu gün 13:01
2.1k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
9.9k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.7k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......