Twitter Linkin Park toparynyň şikaýaty sebäpli Trampyň bildirişini aýyrdy

  • 19.07.2020 23:00
  • 10k+

Linkin Park toparynyň awtorlyk hukugynyň bozulandygy bilen bagly şikaýaty sebäpli, Twitter ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bu toparyň aýdymy ýaňlanýan wideorolikli bildirişini aýyrdy. Bu barada “The New Daily” neşiri habar berýär, muny iz.ru ýetirýär.

Bildiriş ABŞ-nyň prezidentiniň kömekçisi, jemgyýetçilik torlarynda aragatnaşyga jogap berýän Deniel Skawino tarapyndan edildi. Amerikan lideri ýazgyny özüniň sahypasynda paýlaşdy. Saýlawdan öňki kampaniýanyň çäklerindäki mahabatlaryň kadry Linkin Park toparynyň aýdymynyň astynda görkezildi. Toparyň agzalary tarapyndan esaslandyrylan Machine Shop Entertainment amerikan aýdym-saz kompaniýasy jemgyýetçilik torunyň wekillerine awtorlyk hukugynyň berjaý edilmeýändigi baradaky arza bilen ýüzlendiler. Mikroblogyň wekilleri ýüzlenmäni ýerine ýetirdiler we bildirişi aýyrdylar.
“Biz awtorlyk hukugynyň eýeleri ýa-da olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleri tarapyndan iberilýän delilli şikaýatlara jogap berýäris” – diýip, Twitterde aýdýarlar. 
28-nji maýda Tramp jemgyýetçilik torunyň eýelerini ulanyjy postlarynyň mazmunyna jogapkärçilik çekmäge borçly edýän permana gol çekdi. Bellenilip geçilen resminamanyň ýüze çykmagynyň sebäbi Trampyň Twitter bilen çekişmesi boldy. Öň jemgyýetçilik tory Trampyň bir habaryny ýalan mazmunly diýip görkezdi. Tramp jogap hökmünde jemgyýetçilik toruny senzurada aýyplamak bilen, ony ýapjakdygy bilen gorkuzdy. Jemgyýetçilik tory kimdir biriniň garaýşyny basmaýandygyny, diňe olaryň düzgünlerine garşy bolan informasion mazmunlary aýyrýandygyny aýdýar. 
Öň, kazyýet arzasy haýbaty bilen The Rolling Stone, Queen, Aerosmith, Panic! At the Disco ýaly toparlar, aýdymçylar Adel we Rianna, sazandalar Nil Ýang, Farrel Uilýams özleriniň aýdym-sazyny Trampa ulanmagy gadagan etdiler.

düýn 07:41
7.9k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......