«Google» koronawirus barada ýalan maglumatlary ýaýradýan mahabatlary ýapar

  • 18.07.2020 18:37
  • 14k+

“Google” korporasiýasy täze koronawirus bilen baglanyşykly tassyklanmadyk garaýyşlary ýaýradýan saýtlaryň mahabatlaryny gadagan eder. Bu barada anna güni kompaniýanyň metbugat sekretaryna salgylanyp, “Bloomberg” habar berýär diýip, tass.ru ýetirýär.

Habar berlişine görä, kompaniýada adamlar üçin howply bolup biljek galp lukmançylyk garaýyşlaryny özünde jemleýän çeşmeleriň mahabatlandyrylmagyna ýol bermezlik eýýämden berk ýola goýuldy.

Şeýlelik bilen, pandemiýa döwründe “Google” hünärmenleri şeýle mahabatlaryň 200 milliondan gowragyny ýüze çykardylar we böwetlediler.

Şeýle-de bolsa, korporasiýanyň ýolbaşçylary, koronawirus barada tassyklanmadyk maglumatlary ýaýradýan mahabat çeşmelerinden ýitgileriniň ýylyň ahyryna çenli 19 million dollara ýetip biljekdigine esaslanyp, goşmaça çäreleri görmek kararyna geldiler. Şunuň bilen baglylykda, awgust aýyndan başlap COVID-19 bilen gönüden-göni baglanyşygy bolan ýaşyryn garaýyşlary özünde jemleýän çeşmeler aýratyn ünsde saklanar.
Bularyň hataryna, mysal üçin, “Microsoft”amerikan tehnologiýalar korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bil Geýtsiň koronawirusa garşy sanjymyň bahanasy bilen adamlara mikroçipleri ornaşdyrmak isleýändigini degişli etmek bolar. Tomusyň başynda bu çaklamalary "örän bolgusyz manysyz ýa-da geň" diýip atlandyrypdy. “Google”-da ýapylmaly mahabatlar awtomatiki ýagdaýda bolşy ýaly, kompaniýanyň işgärleri tarapyndan gönüden-göni hem gözegçilikde saklanylar.
“Google” – internet gözleg we mahabat tehnologiýalaryna maýa goýýan, onlaýn hyzmatlary we ýokary tehnologiýaly önümleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan amerikan jemgyýetçilik korporasiýasy. Lari Peýj we Sergeý Brin tarapyndan esaslandyrylan bu kompaniýa 1998-nji ýylyň sentýabr aýynda hususy kärhana hökmünde hasaba alnypdy we häzirki wagtda ol “Alphabet” Holdingiň bir bölegi bolup durýar. Onuň dolandyryş edarasy Kaliforniýanyň Mauntin-Wiýew şäherinde ýerleşýär.

düýn 13:01
6.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......