«Solar Orbiter» Gündäki «odunlary» surata aldy

  • 17.07.2020 13:01
  • 17k+

Günüň üstünde ýanyp duran «odunlar» tapyldy. NASA we Ýewropa kosmos gullugy 77 million kilometr daşlykdan «Solar Orbiter» enjamynyň kömegi bilen alan ilkinji suratlaryny çap edýärler. Munuň özi Güne çenli ýoluň ýarysyna deňdir. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Habar berlişine görä, oduna meňzeş, uly bolmadyk bu gurluşlar ilkinji gezek ýüze çykaryldy. Barlagçylar bularyň ägirt uly protuberanesleriň, ýagny Günüň ýüzünde ýumrulyp görünýän ýagty berýän gyzgyn gazlaryň kiçijik görnüşlerdigine ynanýarlar. Bu «odunlaryň» Günüň magnit meýdanyndaky magnit birleşmesi diýlip atlandyrylýan üýtgeşmeler bilen baglanyşykly bolmagy hem ähtimal.
«Solar Orbiter» bilelikdäki ýewropa-amerikan taslamasy bolup, ol fewral aýynda Kanaweral burnundan badalga aldy. Onuň 9 ýyl işläp biljekdigi çak edilýär. Enjam onlarça ylmy gural we agyr ýylylyk goragy bilen üpjün edilendir, bu bolsa ýyldyzyň 40 million kilometrine çenli golýalaşmaga mümkinçilik berer. Ýeri gelende bellesek, bu Güni öwrenýän beýleki hemralaryň işleýän aralygyna garanyňda has golaýdyr.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......