Satyjynyň ýalňyşlygy alyjynyň millioner bolmagyna getirdi

  • 16.07.2020 21:47
  • 32k+

Miçigan ştatynyň Istpoýnt amerikan şäherinde ýangyç alynýan menzilde kassa işgäriniň ýalňyşy alyjyny dollarly millioner etdi. Bu barada wane.com portaly habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.
Özüni tanatmazlyk islän 57 ýaşly amerikan raýaty tekere ýel bermek üçin ýangyç guýulýan ýere bardy. Ol hyzmat üçin töleg edip, gaýtargysyna on dollarlyk Lucky 7 lotereýa petegini sorady. 
“Kassaçy ýalňyşyp, maňa 20 dollarlyk petegi berdi – diýip, ol adam ýatlaýar. – Ol petegi dogrusyna çalşyp bermegi teklip etdi, ýöne nämedir bir zat maňa ilki alan petegimde gal diýýärdi. Şeýle edenime begenýärin!”. 
Netijede ol iki million dollar aldy.
Ýeňiji baýragy her aýdaky töleg görnüşinde almakdan ýüz öwürdi we utuşy tutuş aldy. Salgyt hasaplaşygyndan soň, oňa 1,3 million dollar eline geldi. Ol puly nämä harç etmegi meýilleşdirýändigini anyklaşdyrmady.
Öň, Kanadanyň Ontario welaýatynyň Kombermer obasynyň garry ýaşaýjysynyň kassa işgäriniň ýalňyşlygy esasynda baýandygy habar berildi. 82 ýaşly Maýkl Batt (Michael Butt) dükanda Lotto 6/49 lotereýa petegini sorady, ýöne satyjy tötänden Lotto Max petegini beripdir.

04.06.2026 17:40
9.8k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.7k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.3k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
7.5k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......