Ýer ýüzüniň ilaty 2064-nji ýyla çenli iň ýokary çägine ýeter diýlip çaklanylýar

  • 16.07.2020 14:40
  • 21k+

Ýer ýüzüniň ilatynyň sany özüniň ýokary çägine XXI asyryň ortalarynda ýeter, şondan soň azalyp başlar, şeýlelikde 2100-nji ýylda bu görkeziji 8,79 milliard adama barabar bolar. Şeýle netijä dünýäde çaganyň dogluş görkezijisiniň üýtgeýşini seljermek bilen Waşington uniwersitetiniň amerikan alymlary geldi, olaryň çaklamaly makalasyny “The Lancet” ylmy žurnaly neşir etdi. Bu barada TASS habar berýär. Alymlar görkezijiniň 2,1 belliginden pese düşende planetanyň ilatynyň azalyp başlaýandygyna üns berýärler. 
Häzir dünýäde 7,59 mlrd töweregi adam ýaşaýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň, oba hojalygynyň we beýleki ykdysady infrastrukturalaryň ösüşini ýeterlik derejede dogry meýilleşdirmek üçin bu görkezijiniň geljek onýyllykda näçeräk ýokarlanjakdygyny bilmek möhümdir. Amerikan alymlary Ýer ýüzüniň ilaty 2064-nji ýyla çenli artar diýip çaklaýarlar, şonda dünýäde 9,73 mlrd töweregi adam bolar. Soňra olaryň sany ýuwaş-ýuwaşdan azalyp başlar.
Ýaponiýanyň ilaty 2017-nji ýylda 128 mln adam möçberinde ýokary derejesine ýetdi. Alymlaryň çaklamalaryna görä, asyryň ahyryna çenli ol 53 mln adama çenli azalar. Italiýanyň ilaty bu döwürde 61 milliondan 28 milliona çenli peseler. Asyryň ahyryna çenli Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Tailandyň we Günorta Koreýanyň hem-de beýleki käbir ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň sany iki esse azalar.
Häzirki wagtda dünýäde iň gür ilatly ýurt hasaplanylýan Hytaýyň ilaty 2024-nji ýyla çenli 1,4 mlrd derejesine ýeter. Asyryň ahyryna çenli HHR-iň raýatlary tas iki esse, 732 mln adama çenli azalar diýip, alymlar çaklaýarlar. Umumy alanyňda, 2100-nji ýyla çenli dünýäniň 195 ýurdunyň 183-sinde ilat azalar. 
Mundan başga-da, asyryň ahyryna çenli garry adamlaryň sany ýokarlanar we çagalaryň sany gaty pese düşer. Ýagny, bäş ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sany 2017-nji ýyldaky 681 milliondan 2100-nji ýylda 401 milliona çenli pese düşer. 80 ýaşdan uly adamlaryň sany, tersine, 2017-nji ýyldaky 141 milliondan asyryň ahyryna çenli 866 milliona çenli köpeler. Derňew işiniň awtorlarynyň biri dünýäniň ilatynyň ýaş boýunça gurluşynyň şeýle üýtgeýşini “ägirt sosial özgeriş” diýip atlandyrýar. Alym munuň dünýä ykdysadyýeti üçin düýpli täsir edip biljekdigini duýdurýar.

29.05.2026 23:56
5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.7k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....