Şu gün Russiýada daşary ýurtlardan gelýänler üçin iki hepdelik izolýasiýa ýatyrylýar

  • 15.07.2020 12:32
  • 23k+

«Rospotrebnadzor»-yň başlygy Anna Popowa karara girizilen üýtgetmelere gol çekdi. Resminama laýyklykda, 15-nji iýuldan Russiýa gelýän raýatlar üçin koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli iki hepdelik hökmany üzňeleşdirme ýatyrylýar. Bu barada tass.ru habar berýär.

«2.2-nji bentde göz öňünde tutulan ýagdaýda (özüňizi gowy duýmasaňyz, derhal lukmana jaň etmeli - Red.) ýa-da täze koronawirus ýokançlygy üçin PCR barlagynyň netijesi oňyn çykan ýagdaýynda, sagalýança we koronawirus ýokançlygy üçin PCR barlagyndan oňyn däl netije alynýança ýaşaýan ýerinde üzňeleşmegiň (galmagyň) talaplaryny (maşgala agzalary we üzňeleşdirilmedik beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik bermeýän üzňeleşdirilen otagda bolmagy) berjaý etmeli» diýlip, duşenbe güni hukuk maglumatlarynyň resmi internet-portalynda çap edilen resminamada aýdylýar. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň ähli raýatlary indi öz ýurduna gelen pursatyndan başlap, üç günüň içinde koronawirus ýokançlygy üçin PCR barlagyndan geçmeli bolarlar. Şeýle hem, iş berijiler daşary ýurda gidýän işçilere gaýdyp gelenlerinden soň şeýle laboratoriýa synaglaryndan geçmegiň zerurlygy barada habar bermäge we bu baradaky şahadatnamalaryň bardygyny barlamaga borçly edildi.
Russiýa girýän daşary ýurt raýatlary serhetde koronawirus barlagynyň oňyn däl netijesi barada kepilnamany görkezmeli bolarlar. “Russiýa Federasiýasynyň döwlet serhedinden geçilende, PCR usuly bilen COVID-19 üçin laboratoriýa barlagynyň oňyn däl netijesini tassyklaýan lukmançylyk resminamasyny (rus ýa-da iňlis dilinde), alnanyna Russiýa Federasiýasyna gelen gününden hasaplananda üç senenama gününden kän wagt geçmedik immunoglobulin G (IgG) antikorlarynyň ýüze çykarylandygyny tassyklaýan lukmançylyk resminamalaryny (bar bolsa) görkezmek bilen, sanitar-karantin gözegçiligini amala aşyrýan işgärleri habarly etmeli.
Eger-de koronawirus üçin oňyn däl synagy tassyklaýan şeýle kepilnama ýok bolsa, Russiýada üç senenama gününiň içinde barlagdan geçilmelidir. Onuň tölegleriniň Russiýanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydygy bellenildi.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....