Käbir ÝOM-larda resminamalar welaýatlarda hem kabul edilip başlandy

  • 15.07.2020 12:00
  • 17k+

"Türkmendemirýollary" gullugy tarapyndan otly gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylmagy sebäpli, ozal dalaşgärleriň resminamalaryny diňe ýerleşýän ýerinde kabul eden käbir ýokary we orta hünär okuw mekdepleri indi resminamalary welaýat merkezlerinde hem kabul eder. Bu barada kabul ediş toparlarynyň wekilleriniň maglumatlaryna hem-de 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmegiň tertibi baradaky bildirişlere salgylanyp, Arzuw NEWS habar berdi.

Hususan-da, Türkmen döwlet Medeniýet instituty, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasy ertirden başlap, ýurduň welaýat merkezlerinde ýerleşýän Ýörite sungat mekdeplerinde dalaşgärleriň resminamalaryny kabul eder. Mundan başga-da, bu okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny hem şol ýerde geçirmek meýilleşdirilýär.

şu gün 15:57
2.2k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.4k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.5k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....