Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

  • 15.07.2020 11:04
  • 32k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Güýçli ýagyşlar sebäpli Hytaý Halk Respublikasynda ýurduň taryhynda iň güýçli suw joşmasy bolup geçdi. HHR-iň adatdan daşary işler boýunça ministriniň orunbasarynyň bellemegine görä, «Suw joşmasy 39 million adama täsirini ýetirdi. 141 adam aradan çykdy ýa-da dereksiz ýitdi. 29 müň öý ýumruldy, 2 milliondan gowrak ýaşaýjy göçürildi».
Ýurduň häkimiýeti tebigy betbagtçylygyň netijelerini 82,2 mlrd ýuan, ýagny 11,75 milliard dollar möçberinde bahalandyrdy, diýip Interfaks habar berýär.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......