BSGG: «Dünýä ýurtlary COVID-19-a garşy göreşiň «nädogry ýoluny» saýladylar

  • 14.07.2020 18:15
  • 26k+

«Ýakyn geljekde ýer ýüzi kadaly durmuşa dolanyp bilmez» diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynda hasaplaýarlar. Koronawirus pandemiýasy bilen göreşiň dowamynda köp ýurtlar «nädogry ýol bilen» gitdiler diýip, BSGG-niň baş müdiri Tedros Adhanom belleýär: «Eger-de milli häkimiýetler mundan beýläk hem raýatlara kesel sanyny azaltmak we janlaryny halas etmek üçin nähili hereket etmelidigini dogry düşündirmeseler, eger-de adamlar koronawirusa garşy esasy düzgünleri — eliňi ýuwmak, maska dakynmak ýaly düzgünleri berjaý etmeseler, onda bize pandemiýanyň ýaýbaňlanyşynyň ýeke-täk netijesi garaşýar: ol hem ýagdaý diňe ýaramazlaşar» diýip, Euronews habar berýär.

Ýurtlaryň we sebitleriň köpüsi COVID-19-yň täze ýaýrawyny bellige alýarlar we öň ýatyrylan çäklendiriji çäreleri gaýtadan girizmeli bolýarlar. Ýöne ýene bir gezek «özüňi üzňelikde saklamak» ýagdaýyna hemmeler taýýar däl. Kataloniýadaky kazyýet ýerli hökümetleriň Lýeýdde we ýene-de ýedi sany munisipalitetde karantini güýçlendirmek baradaky kararyny ýatyrdy. 140 müň töweregi adam diňe zerurlyk bolan ýagdaýyndan ýa-da işe barmakdan başga ýagdaýlarda öýlerinden çykmaly däldi. Ýöne kazyýet bu çäräni «wehime deňeçer çäre däl» diýip atlandyrdy hem-de katalon çinownikleri öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykdy diýip hasaplady.
Balkan ýurtlarynda keseliň täze tolkuny sebäpli çeh hökümeti Serbiýanyň we Çernogoriýanyň raýatlarynyň ýurda girmegine çäk girizdi. Olar gelen ýagdaýynda koronawirus üçin otrisatel barlagy bermeli ýa-da iki hepdelik karantinden geçmeli.
15-nji iýuldan Gresiýa serhetlerde daşary ýurt syýahatçylarynyň barlagyny güýçlendirýär. Ýakyn günlerde ýörite lukmançylyk komissiýasy tomus prawoslaw ýarmarkalaryny wagtlaýyn gadagan etmek barada hökümet teklibi bilen bagly karar çykarmaly. Marokkodaky Tanžer uly port şäheriniň million töweregi ýaşaýjysy ýene-de «üzňelikde bolmak» režimine geçdiler. Kafeler, bazarlar we söwda merkezleri ýapyldy.
Alty hepde mundan öň Filippinlerde karantin tamamlandy. Ýöne paýtagt sebitiniň garyp şäherleriniň biri bolan Nawotasyň 250 müň ýaşaýjysy üçin hemme zat täzeden başlady. Olara azyndan geljek iki hepdäniň içinde öýde galmak tabşyryldy.
Günorta Afrika Respublikasynyň hökümeti ýurtda komendant sagadyny girizdi we alkogolyň satuwyny gadagan etdi. Soňky hepdäniň içinde bu ýerde her gün 12 müň töweregi täze kesel ýagdaýy bellige alynýar.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......