Natriý smartfonlaryň akkumulýatoryny arzanladyp biler

  • 14.07.2020 11:30
  • 8k+

Rus we nemes alymlary tarapyndan döwrebap smartfonlar üçin adaty bolan litiý-ion batareýlerine derek saýlaw hödürlenildi. Bu barada potokmedia.ru habar berýär.

Litiý-ion batareýleri dürli pudaklarda – ykjam telefonlardan we noutbuklardan başlap, awtomobil ulagyna we kosmiki tehnika çenli giňden ulanylýar. Litiý-ion batareýleri bazara 1991-nji ýylda çykdy. Geçen ýyl olary döredijiler himiýa boýunça hatda Nobel baýragyny hem aldylar. Hünärmenleriň bahalandyrmasy boýunça, dünýäde heniz netijeliligi boýunça litiý-ion batareýlerine meňzeş saýlaw ýok.
Litiý gymmat bahaly aşgarlaýjy metal bolup durýar, onuň ätiýaçlyklary tebigatda çäkli, şonuň üçin hünärmenler soňky ýyllarda akkumulýatorlar üçin esasy düzýän litiýni başga bir madda bilen çalşyrmagyň usulyny gözlemek bilen meşgullanýarlar. “MISiS” milli barlag tehnologik uniwersitetiniň we Gelmgols Drezden-Rossendorf adyndaky german merkeziniň işgärleri gajetlerde üýtgeşik usul bilen “gaplanan” natriýni ulanyp bolar diýip çaklaýarlar.
Işiň awtorlarynyň bellemegine görä, natriýniň atomlarynyň batareýde biri beýlekisiniň üstünden goýlan ýagdaýynda, iýmitlendiriji element energiýany köp harç ediji bolýar. Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy – ýerleşdirme usulynda, ýagny natriýniň iki gatlagyny grafeniň iki gatlagynyň arasynda ýerleşdirmek teklip edilýär. Indiki tapgyr tejribe üçin nusgasyny döretmek we ony barlaghanada öwrenmek bolup durýar.
“Üstünlikli bolan ýagdaýynda sygymy boýunça litiý-ion batareýleri bilen deňleşjek ýa-da hatda olardan öňe geçjek, ýöne şunuň bilen birlikde birnäçe esse arzan boljak natriý akkumulýatorlarynyň täze nesliniň döredilendigi barada gürrüň etmek bolar” – diýip, “MISiS-iň” metbugat gullugynyň habarnamasynda aýdylýar.

düýn 18:51
3.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....