WSJ: 2025-nji ýyla çenli nebitiň bir barreli 150 dollara çenli gymmatlap biler

  • 10.07.2020 19:06
  • 7.7k+

"The Wall Street Journal" gazetine interwýu beren hünärmenleriň pikiriçe, nebitiň bahasy 2025-nji ýyla çenli her barrel üçin 150 dollara çenli gymmatlap biler. Munuň özi soňky döwürde nebitiň çykarylyşynyň haýallamagy hem-de pudakda maýa goýumlaryň azalmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, vedomosti.ru habar berýär.

“Maliýe ýetmezçiliginiň basyşy gaty çynlakaý bolar. Käbir öndürijiler üçin önümçiligi dowam etdirmek hakykatdanam kyn bolar" – diýip, Demirgazyk Trace Capital girdeji gaznasynyň baş maýa goýum müdiri Trewor Wuds neşire aýtdy.
Beýleki bilermenler koronawirus pandemiýasy wagtynda gaty peselen nebite bolan islegiň gysga wagtyň içinde krizisden öňki derejesine ýetip bilmejekdigine ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, pes isleg nebitiň bahasyny häzirki derejede saklap biler. JPMorgan-yň analitigi Kristian Malek, islegleri kanagatlandyrmak üçin kompaniýalaryň 2030-njy ýyla çenli önümçilige goşmaça 625 milliard dollar maýa goýmaly diýip hasaplaýar. “Geljek iki ýylda nebitiň bahasy 100 dollara ýetip bilermi? Elbetde"-diýip, ol gazete gürrüň berdi.
Londonyň “Matilda Capital Management” kompaniýasynyň maýa goýumlar bölüminiň müdiri Riçard Fullarton şu ýylyň ahyryna çenli nebitiň bahasynyň bir barrel üçin 100 dollardan gymmatlajakdygyny inkär etmedi. “Biz hiç haçanam nebiti iň soňky barreline çenli çykaryp bilmeris. Ýeke-täk sorag, oňa ýetmek üçin serişdeleri ulanmalydygy ýa-da däldigi" – diýip, Fullarton belleýär.
Penşenbe güni auksion wagtynda nebit 3,33% aşaklap, bir barreli 39.54 dollar boldy.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......