Bilermenler topary BSGG-niň pandemiýa garşy alyp barýan işini bahalandyrar

  • 10.07.2020 12:22
  • 11k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy özüniň we dürli ýurtlaryň hökümetleriniň COVID-19 pandemiýasyna garşy nähili göreş alyp barýandyklaryna baha bermek üçin garaşsyz bilermenler toparyny döreder. Bu barada BSGG-niň baştutany Tedros Adhan Gebreyesus penşenbe güni 194 agza ýurduň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda habar berdi diýip, "Euronews" ýetirýär.

Ondan öň ol pandemiýanyň ýaýrawynyň çaltlaşýandygyny we şunuň bilen bagly ýagdaýy gözegçilikde saklamagyň köp ýurtlara henizem başartmaýandygyny aýdypdy.

"Bu gözden geçirmegiň wagty: öz ýaşaýan dünýämize göz aýlamagymyz gerek we biz hyzmatdaşlygymyzy berkitmegiň ýollaryny tapmaly, adamlary halas etmek üçin bilelikde işlemeli hem-de pandemiýa bilen bagly ýagdaýy ele almaly" diýip, Tedros Adhan Gebreyesus belleýär.

Täze Zelandiýanyň öňki premýer-ministri Helen Klark we Liberiýanyň öňki prezidenti Ellen Jonson Serlif bilermenler toparyna ýolbaşçylyk etmegi boýun aldylar. Mandat BSGG-niň agza döwletleri bilen bilelikde işlener. Toparyň aralyk hasabaty noýabr aýynda we doly hasabaty maý aýynda bermegine garaşylýar.

26.04.2026 15:51
7.5k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....