Awgustda Russiýa bilen GDA ýurtlarynyň arasynda howa gatnawlary dikeldilip bilner

  • 10.07.2020 12:12
  • 13k+

Penşenbe güni Russiýanyň Syýahatçylyk senagaty bileleşiginiň (PCT) prezidenti Andreý Ignatýew Russiýa bilen GDA ýurtlarynyň arasyndaky howa gatnawlarynyň täzeden dikeldilip bilinjekdigini aýtdy. "Halkara uçuşlaryň awgust aýynyň töwereklerinde täzeden başlanmagy mümkin. Dogrusy, gatnawlaryň GDA ýurtlaryna ýola goýulmagy ähtimal" – diýip, Andreý Ignatýew Ural sebitleýin maglumat merkezi TASS-yň metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ýadymyzda bolsa, Russiýanyň halkara howa gatnawy 27-nji martda doly ýapylypdy. Ignatýewiň pikiriçe, ýurtda pandemiýa sebäpli syýahatçylyk pudagynyň çeken ýitgisi, takmynan, 1,5 trillion rubl boldy we ony dikeltmek üçin azyndan 1,5 ýylyň gerek bolmagy mümkin.

Soňky maglumatlara görä, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda togtadylan Russiýadan daşary ýurtlara uçuşlar 2020-nji ýylyň tomus möwsüminden soň täzeden ýola goýlup biler.

Türkmenistan şu wagta çenli halkara howa gatnawlarynyň täzeden açylmagynda seresaplylyk çärelerine eýermegini dowam edýär. Pandemiýa meselesi bilen baglylykda, ýurtda şu ýylyň 20-nji iýulyna çenli hiç hili halkara gatnawlar bolmaz.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......