“Ford” awtoulagyň içinde öz-özüni dezinfeksiýa etmek ulgamyny döretdi

  • 10.07.2020 00:46
  • 3.8k+

Awtoulaglaryň içindäki howa ýokary temperatura çenli gyzar we wiruslary ýok eder. Bu barada auto.mail.ru habar berýär.

“Ford”-dakylar beýle mümkinçiligiň 2013–2019-njy ýyllar aralygynda çykarylan Police Interceptor Utility awtoulaglaryna ornaşdyrylandygyny aýtdylar. Munuň üçin hiç hili goşmaça enjam gerek däl, diňe programma üpjünçiligini täzelemek ýeterlik.
Öz-özüni dezinfeksiýa etmek tertibi şeýle işleýär: hereketlendiriji we howany dolandyrmak ulgamy awtoulagyň içindäki temperaturany Selsiý boýunça 56 gradus gyzgynlykda 15 minut saklaýar. Dezinfeksiýa amala aşyrylýan wagtynda, maşynyň çyralary salonda oturmaly däldigini duýduryp, ýanyp-sönüp durýar. Soň çyralar dezinfeksiýanyň gutarandygyny habar berýär. Şondan soň awtoulagyň içi sowadylýar.
Dezinfeksiýa ulgamyny işjeňleşdirmek üçin, kruiz-kontrol düwmeleriniň ýörite kombinasiýasyny basmaly – bu tötänleýin açmazlyk üçin şeýle düzülipdir. Polisiýa işgärleriniň köplenç tiz kömek wezipesini hem ýerine ýetirmeli bolýandyklary sebäpli, “Ford”-da bu ulgamyň has peýdaly boljakdygyny belleýärler: "Bir gezekde olar koronawirusly hassany hassahana äkitmeli bolup bilerler, ýene bir gezekde bolsa asimptomatik adamyň ulaga münmeli bolmagy mümkin".
Bu usulyň täsiri Ogaýo Döwlet Uniwersitetinde tassyklandy. Awtoulagyň içinde COVID-19-y zyýansyzlandyrmak üçin näçeräk temperaturanyň we näçeräk wagtyň zerurdygyny hem şol ýerde kesgitlenildi. “Ford” bu usulyň kabinadaky wiruslaryň 99%-ini öldürýändigini aýtdy. Galyberse-de, bu usul elde arassalamakdan (himiki serişdeleri ulanmak bilen) has täsirli, sebäbi ol awtoulagyň içinde hatda eliň barmaýan ýerlerindäki wiruslary hem öldürip bilýär.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......