Toýota Corolla-nyň täze krossoweri tanyşdyryldy

  • 09.07.2020 23:14
  • 14k+

“Toyota” kompaniýasy täze “Toyota Corolla Cross” krossowerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Dabara Taýlandda geçirildi. Bu ýurduň öz bähbidi, ýagny ýapon krossoweriniň ilki bilen ýerli bazara çykarylmagy bilen baglanyşykly. Toyota Corolla-nyň satuw geografiýasynyň kem-kemden giňemegine garaşylýar. Bu barada naavtotrasse.ru habar berýär.
Täze ýapon modeliniň tehniki aýratynlyklary-da mälim edildi. “Toyota Corolla Cross”-yň uzynlygy 2700 mm tiger binýady bilen bilelikde 4460 mm bolar. Şeýle-de bolsa, beýleki çeşmelere görä, bu modeliň ölçegleri has sada bolar. Bu bolsa öz gezeginde onuň “Nissan Kicks” we “Honda HR-V” bilen bäsleşjekdigini aňladýar.
Krossoweriň adaty sedanyň esasynda guruljakdygyna garamazdan, awtoulaglar tehniki enjamlaşdyrylyşy boýunça öz aralarynda tapawutlanarlar. Öndüriji “Corolla Cross” üçin esasy enjam hökmünde 1.8 litrlik «atmosferaly» hereketlendirijini niýetläpdir. Onuň 142 at güýjüne çenli kuwwaty bar. Awtoulagyň has gymmat wersiýalarynda ýapon krossoweriniň kapodynyň astynda kuwwaty 177 at güýjüne çenli ýetip bilýän 2 litrlik «atmosferaly» hereketlendiriji hem ýerleşdiriler. Modeliň saýlama wersiýalarynda Corolla Cross şol 1.8 litrlik «atmosferaly» hereketlendirijä esaslanýan gibrid gurluşa eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde onuň iň ýokary kuwwaty 122 at güýji bilen çäklener.
Täze krossower sedanyň bortundaky enjamlaryň hemmesini-de alar. Bu, “Corolla Cross”-yň 9 dýuýmlyk duýgur ekranly planşeti, yzky kamerany, kondisioner ulgamyny, LED yşyklandyryşyny we sürüji üçin birnäçe “kömekçileri” aljakdygyny aňladýar.
Täze krossower şu ýylyň ahyrynda Taýland bazaryna çykar. Soň bolsa awtoulagyň satuwy Braziliýada başlar. “Corolla Cross”-yň ýene haýsy ýurtlarda peýda boljakdygy bolsa häzirlikçe belli däl.

düýn 16:54
2.6k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....

29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

29.05.2026 23:29
3.6k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

29.05.2026 16:35
6.1k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......