Biologlar Ýer ýüzündäki janly jandarlaryň ýeke-täk atlasyny döretmek isleýärler

  • 09.07.2020 23:06
  • 3.8k+

Häzirki zaman ylmynyň ýokary derejede ösendigine garamazdan, Ýer ýüzünde heniz planetanyň ähli janly jandarlaryny özüne girizýän ýekeje-de taksonomik atlas ýok. Şeýle atlasyň döredilmegi, biologlaryň pikiriçe, görnüşleriň gaýtadan açylmagy bilen bagly bulam-bujarlygy aradan aýyrar, şeýle-de köp sanly beýleki ylmy we beýleki meseleleri çözer.
Meselem, Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň ähli wekilleriniň bitewi atlasy tebigata we klimata, şeýle-de iýmit önümleriniň söwdasyna degişli halkara şertnamalary baglanyşmakda peýdaly bolar. Alymlaryň döretmegi teklip edýän ählumumy katalogynyň beýleki artykmaçlyklary barada PLOS ONE neşiri ýazýar. Bu barada planet-today.ru habar berýär.

“Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň sanawynyň döredilmegi – bu yzagalak mesele hem bolup biler, ýöne hakykatda gürrüň adatdan daşary toplumlaýyn taslama barada gidýär. Häzir dünýäde umumy kabul edilen ýekeje-de taksonomik atlas ýok. Haýwanlar we guşlar üçin birnäçe şeýle kataloglar bar, ýöne ösümlikler we janly-jandarlaryň beýleki toparlary üçin ýekeje sanaw hem ýok” – diýip, Awstraliýanyň Çarlz Darwin uniwersitetiniň professory Stiwen Garnett we bu başlangyjyň awtorlarynyň biri aýdýar.
Esaslandyryjysy Karl Linneý hasaplanylýan häzirki zaman taksonomik ulgamy ýüze çykandan soň, biologlar ösümlikleriň, mikroblaryň, mör-möjekleriň, süýdemdirijileriň, balyklaryň we floranyň hem-de faunanyň beýleki wekilleriniň on müňe golaý görnüşini açdylar. Janly tebigatyň köp wekillerini dürli alymlar özbaşdak açdylar, olaryň käbirleri soňlugy bilen “ýatdan çykaryldy”. Şol sebäpli soňky iki asyr dürli garaýyşlar we bulam-bujarlyklar ýüze çykdy.
Ýer ýüzündäki ähli janly jandarlaryň atlasyny düzmezden öňürti, dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar katalogy gurnamak üçin esasy ýörelgeli resminamany döretmegi teklip etdiler. Bu pikiri Biologik ylymlaryň halkara bileleşigi ýaly abraýly guramalar goldadyrlar.

şu gün 01:03
149

47 million galaktikadan we kwazardan gelýän ýagtylyk: Älemiň iň jikme-jik 3D kartasy döredildi

Halkara DESI taslamasy Älemiň iň uly we iň jikme-jik üç ölçegli kartasyny düzüp, 47 milliondan gowrak galaktikadan we kwazarlardan düşýän ýagtylygy ýazga aldy....

düýn 23:19
329

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

düýn 14:21
2.2k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

16.05.2026 23:58
2.7k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......