Telekeçiler üçin nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň tertibine üýtgeşmeler girizildi

  • 09.07.2020 01:59
  • 21k+

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň” tertibiniň 14-nji bölümine üýtgeşmeler girizildi. Bu barada Turkmenportal çarşenbe güni habar berdi.
Girizilen üýtgeşmeler diňe milli manat bilen bagly bolup, olar:

  • Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, nagt pul görnüşinde tabşyran möçberinden, telekeçilik maksatlary üçin 75 göterime çenli nagt pul görnüşinde yzyna almaga rugsat berilýär.
  • Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, fiziki şahslar bilen POS töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen töleglerden gelen nagt däl möçberiniň 50 göterime çenli, bankdaky telekeçilik hasabyndan nagt pul görnüşinde almaga rugsat berilýär.
  • Telekeçileriň öz arasynda nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirmek maksady bilen baglaşylýan şertnamalary esasynda, satyn alýan hususy telekeçi, töleg geçirmek üçin özüne degişli bankyna nagt görnüşinde goýup, satyjy bolan hususy telekeçä nagt däl görnüşinde geçiren ýagdaýynda, satyjy bolan telekeçi hyzmat edýän bankyndaky telekeçilik hasabyna gelen şol möçberden 70 göterimine çenli nagt görnüşinde çykdajy etmeklige rugsat berilýär.
düýn 21:27
1.2k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

düýn 21:22
1.2k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......

düýn 14:21
3.2k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

26.05.2026 01:02
4.3k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......