ABŞ 2021-nji ýyldan BSGG-niň düzüminden çykýar

  • 09.07.2020 00:28
  • 8.6k+

Ak öýüň ýolbaşçysy Donald Tramp ABŞ-nyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan çykýandygy barada kongrese duýdurdy. Bu çözgüt 2021-nji ýylyň 6-njy iýulyndan güýje girer. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Amerikan senator-demokraty Robert Menendesiň Twitterde öz sahypasynda bu netijäniň ABŞ-nyň ýaşaýjylaryna urgy boljakdygyny görkezýär.
“Kongres Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň pandemiýanyň güýjän wagtynda ABŞ-ny BSGG-den resmi taýdan çykarandygy barada habar aldy. Bu çözgüt amerikanlaryň ýaşaýşyny we gyzyklanmasyny goramaz – ol amerikanlary ýarawsyz, Amerikany bolsa ýeke goýar” – diýip, senator belleýär.
Tramp 29-njy maýda metbugat maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň indi BSGG bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini habar berdi. Özüniň gelen netijesini ol guramanyň Waşington tarapyndan talap edilýän özgertmeleri geçirmändigi bilen düşündirdi. ABŞ-nyň prezidentiniň aýtmagyna görä, BSGG üçin niýetlenilen serişdeler tutuş dünýä boýunça saglygy goraýyş zerurlygyna gönükdiriler.
“Biz Hytaýyň buýrugy boýunça işleýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen aragatnaşygy bes edýäris” – diýip, amerikan lideri aýdýar. Onuň pikiriçe, gurama, Trampyň aýtmagyna görä, pandemiýa jogapkär bolan Hytaýyň hereketlerine gözüni ýumdy we wirusyň howpunyň düýplüdigini bahalandyryp bilmedi. Ýöne Waşingtonyň bu gelen netijesi BSGG-niň özüne hem ýaramaz täsir eder, sebäbi ABŞ guramanyň esasy hemaýatkäridi.
ABŞ her ýyl gurama $450 mln töweregi töleýärdi. ABŞ BSGG-a 1948-nji ýyldan bäri gatnaşýar. Ondan çykmagyň şertleri boýunça, ýurt bu barada bir ýylyň içinde duýdurmaly we borçnamalary doly derejede üzmeli. Baş kätip ABŞ tarapyndan şertleriň berjaý edilişini barlar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......