Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji gazyny iberýän iň iri ýurt bolmagynda galýar

  • 08.07.2020 15:11
  • 8k+

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji gazyny ugradýan iň iri üpjün ediji hökmündäki ornuny saklaýar. Bu barada Russiýanyň «Interfax» habar gullugynyň Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna esaslanýan habaryna salgylanyp, ORIENT habar berýär.
Habarda dünýä bazarynda satylan turbageçiriji tebigy gazynyň mukdary boýunça Türkmenistanyň iň uly üpjün edijidigi bellenilýär. 2019-njy ýylda “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaýa 31,2 milliard kub metr gaz iberdi we 2020-nji ýylyň aprelinde üpjünçiligiň derejesi her gün üçin 69 million kub metre barabar boldy.
Şeýle hem, “Interfax”, “Gazpromyň” “Sibiriň güýji” bilen üpjün edýän gazynyň Hytaý bazarynda beýleki turbageçirijileriň arasynda iň arzany bolandygyny belläp geçdi.
Ikinji çärýekde, rus ýangyjynyň bahasy birinji çärýek bilen deňeşdirilende, 10%, ýagny müň kub metr üçin 183 ABŞ dollaryna çenli arzanlady. Bahalar her çärýekde üýtgeýär, şertnama ýangyç ýagynyň we gazyň bahasy bilen baglylykda, dokuz aý yza galýar. Deňeşdirmek üçin: aprel aýynda Türkmenistandan iberilýän gazyň bahasy 227 ABŞ dollary, Özbegistandan - 212 ABŞ dollary, Gazagystandan - 194 ABŞ dollary, Mýanmadan - 1 müň kub metr üçin 365 ABŞ dollary.
“Gazprom” 2019-njy ýylda, ýagny “Türkmengazdan” 10 ýyl soň Hytaýa gaz iberip başlady.

20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......