Türkmenistan we ÝHHG dünýädäki pandemiki ýagdaý sebäpli özara gatnaşyklary maslahatlaşdy

  • 08.07.2020 11:31
  • 8.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň ýolbaşçysy Lamberto Zanýeri bilen geçiren duşuşygynda taraplar şeýle hem dünýädäki pandemiki ýagdaý sebäpli özara gatnaşyklar meselesine garadylar.
Onlaýn duşuşygyna bilim ministri hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçysy hem çagyryldy. Duşuşygyň çäklerinde abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.
Köp ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şol ugurlary ösdürmäge uly üns berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, milli hem-de halkara ähmiýetli täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ÝHHG-niň Ýokary Komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy hem-de durmuş ugurly içeri syýasaty doly goldanylýar. Şol strategiýa bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.

düýn 16:15
3.1k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......