Microsoft Warner Bros. Interactive-i 4 milliard dollara satyn alar

  • 08.07.2020 01:26
  • 2.7k+

Amerikan korporasiýasy Microsoft Warner Bros-yň oýun bölümini 4 milliard dollara satyn almak isleýär diýip, kompaniýanyň içindäki çeşmelere salgylanyp, «The Information» habar berýär, kommersant.ru ýetirýär.
Kompaniýa täze Xbox Series X-de aýratyn oýunlaryň ýoklugy bilen bagly meseläni çözmek üçin oýun döredijileri satyn almak syýasatyny dowam etdirmekçi bolýar.
2020-nji ýylyň iýun aýynda Warneriň wideo oýunlarynyň işlenip taýýarlanmagyna jogap berýän Interactive Entertainment bölümini satmak isleýändigi mälim boldy. “Batman” oýunlar tapgyryna jogapkär Roksteady, “Mortal Kombat” we “Injustice” oýunlary bilen meşgullanýan NetherRealm, “The Rings Lord” boýunça oýunlary ösdürýän Monolith Productions, şeýle hem “Harry Potter” ugry boýunça oýun döredýän Avalanche Studios – bular häzirki wagtda Warneriň iň uly studiýalary bolup durýar. Eger-de Microsoft Warner Interactive-i satyn alsa, oýunlaryň ygyýarnamasyna näme boljagy-da belli däl.
Warneriň oýun bölümine esasy hyrydarlaryň arasynda Take-Two Interactive, Electronic Arts, şeýle hem Activision Blizzard hem bellendi. Şeýle-de bolsa, eger-de kompaniýany Microsoft satyn alsa, geljekde Warner Interactive-iň taslamalary Xbox platformalaryna niýetleniler.

20.05.2026 15:31
814

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

20.05.2026 11:34
4.2k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 20:20
2.9k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 16:35
4.6k+

Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi....