Onýyllygyň iň gorkunç filmleriniň sanawy neşir edildi

  • 06.07.2020 06:37
  • 13k+

“Hakyky gorkunç telewideniýe” (НТС) kinokanaly 2010-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygy ekrana çykan iň gowy gorkunç filmleriň reýtingini düzdi. Filmpro saýtynyň neşir eden sanawy redaktorlaryň, tankytçylaryň we tematiki çeşmeleri ulanyjylaryň pikirleriniň esasynda düzüldi. Bu barada news.ru habar berýär.
Sanawyň lideri iň gowy original ssenariý üçin “Oskar” baýragyny alan “Ýok bol!” (Прочь) filmi boldy. Bu lenta amerikan komigi Jordan Piliň režissýorlyk görkezilişi boldy. Ikinji orny režissýor we ssenariýaçy Ari Asteriň “Reinkarnasiýa” filmi eýeledi. Onuň bu filmi diňe bir gorkunç bolman, eýsem hakyky drama boldy. Üçünji setir Stiwen Kingiň “Ol” (Оно) romanynyň ekranlaşdyrylmasyna berildi. Andres Muskettiniň Penniwaýze masgarabaz-ganhory baradaky kartinasy iň girdejili gorkunç film boldy. Ol prokatda 700 mln dollar ýygnady.
Dördünji orny “Jadygöý aýal” (Ведьма) filmi eýeledi. Robert Eggersiň kinodebýutyny tankytçylar soňky ýyllaryň iň gorkunç we akylly filmi diýip atlandyrdylar. Bu kartinasy üçin ol Sundance festiwalynda baýrak aldy. Film ekrana 2015-nji ýylda çykdy. Bäşinji orunda Jeýms Wanyň “Kasam” (Заклятие) trilleri ýerleşdi. Altynjy orny Jennifer Kentiň “Babaduk” elhençlikleriň filmi eýeleýär. Bu reýtinge düşen aýal tarapyndan düşürilen ýeke-täk gorkunç film.
Ýedinji orunda Drýu Goddar bilen Joss Uidonyň “Tokaýdaky külbe” (Хижина в лесу) filmi ýerleşdi. Sekizinji orny Jon Krasinskiýniň baş rollarda özüni we aýaly aktrisa Emili Balanty düşüren “Ýuwaş ýer” (Тихое место) filmi eýeledi. Režissýor Ýon San Honyň “Pusana otly” (Поезд в Пусан) trilleri reýtingde dokuzynjy orny eýeledi. Ol Günorta Koreýanyň taryhynda iň girdejili film boldy.
Reýtingi Robert Eggersiň “Maýak” filmi jemleýär. Bu sanawda iň täze film, ol ekrana 2019-njy ýylda çykdy. Kartina haýsydyr bir wagşylar ýa-da sesler bilen däl-de, garaňky we düşnüksiz atmosferasy bilen gorkuzýar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....