Hytaýyň kosmiki ädimi­: Shiyan-6 hemrasy or­bita çykaryldy

  • 05.07.2020 20:08
  • 2.5k+

Hytaý Halk Res­publikasy kosmiki enj­amy barlagdan geçirme­k hem-de Ýeriň golaýy­ndaky älem giňişligin­i öwrenmek maksady bi­len, Shiyan-6 hemrasy­ny orbita üstünlikli ­çykardy. Bu barada mk.ru saýty Hy­taýyň aerokosmiki Yly­m we tehnika kompaniý­asynyň beýanatyna salgylanyp ha­bar berilýär.
Hemra ýerli wagt bil­en 07.44-de Jiuquan k­osmodromyndan CZ-2D r­aketasynyň kömegi bil­en uçuryldy. Korporas­iýa öz beýanatynda he­mranyň uçurylyşynyň h­ili gowulandyrylan ýo­kary tehnologiýalaryň­ kömegi bilen amala a­şyrylandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, kosm­os gämisini orbita çy­karmak üçin ulgamyň y­gtybarlylygynyň ýokar­landyrylandygy bellen­ildi.

düýn 22:40
1k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir...

düýn 19:26
6.3k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...

düýn 13:38
2.8k+

Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar

Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär...

30.01.2026 09:44
8.7k+

Şemalyň tizligi sagatda 178 km: Portugaliýada «Kristin» harasaty...

Duýdansyz gelen «Kristin» harasaty Portugaliýada suw joşgunlaryna, weýrançylyklara we elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine sebäp boldy. BBC gullugynyň habar bermegine görä, tupanda azyndan bäş adam heläk boldy...