Türkmenistanyň hökümet düzüminiň ýolbaşçylary 7-nji iýul — 6-njy awgustda dynç alyşda bolarlar

  • 05.07.2020 18:49
  • 12k+

Türkmenistanyň welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 7-nji iýuldan 6-njy awgusta çenli dynç almaga rugsat berler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň erbet bolmandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça maslahatlary geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, hökümet agzalary Arçmanda ýa-da Ýylysuwda we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, pagta ýygymy bilen bagly ýolbaşçylar bilen maslahatlaşyp, bu meselä özleriniň seretmegini tabşyrdy. Eger, agrotehniki çäreler bilen bagly işleriň häzirki gyzgalaňly döwründe dynç almagy makul bilmeseňiz, onda siz pagta ýygymyndan soň dynç alyp bilersiňiz diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......