Germaniýa Tesla kärhanasynyň gurluşygy boýunça Maskyň meýilnamalaryny bulaşdyrdy

  • 05.07.2020 14:09
  • 4.6k+

Tesla kompaniýasynyň Germaniýadaky dördünji Gigafactory kärhanasynyň gurluşygyny dowam etdirýändigine garamazdan, kompaniýanyň ilkibaşdaky meýilnamalary bozulypdy. Germaniýanyň Grýunhaýde şäheriniň ýaşaýjylary, şeýle-de daşky gurşawyň ýagdaýy barada aladalanýan ýerli ekologlar amerikan telekeçisi Ilon Maskyň meýilnamalarynyň bozulmagyna getirdiler. Bu barada popmech.ru habar berýär.

Belläp geçsek, kompaniýanyň ABŞ-da hem iki kärhanasy, Hytaýda bir kärhanasy bar. Ýewropanyň territoriýasynda kärhana gurmaklyk 2015-nji ýyldan bäri maslahatlaşylyp gelinýär, bu kompaniýa üçin uly girdeji. Ýewropada Tesla elektromobilleri köp satylýar, täze pikir bolsa ulaglaryň Kaliforniýadan getirilmegine çykdajylary azaldar. Kärhanany Germaniýanyň paýtagty Berliniň ýerleşýän ýeri bolan Brandenburg topragynda gurmak meýilleşdirildi. 
Ýöne şu hepde Bloomberg habarlar gullugy ýurduň degişli edaralaryna berlen resminamalara salgylanmak bilen, kompaniýanyň indi nemes meýdançasynda akkumulýatorlary gurmagy meýilleşdirmeýändigini habar berdi. Kompaniýa bu kärhanada plastik öndürmekden hem boýun gaçyrmagy meýilleşdirýär. Tesla täze kärhanasynda diňe awtomobilleri öndürer. Kompaniýanyň awtomobilleriň önümçiligi üçin ulanmagy meýilleşdiren suw möçberi ýerli ýaşaýjylar üçin aýratyn ynjalygy döretdi, sebäbi ol ýerli ýabany tebigat üçin howp salýardy. Gurluşyk üçin tokaýlary bölekleýin çapmalydy. Şol sebäpli kärhana dawaly boldy.
Ýöne resmi adamlaryň şertli gollandyklaryna garamazdan, häzirlikçe taslamanyň hökümet tarapyndan gutarnykly makullanylmandygyny belläp geçmek gerek. Häzir Tesla ýerli çinownikler bir mesele tapýança, öz işini dowam etdirip bilýär. 

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......