Monaco Yacht Show 2020 sergisi koronawirus sebäpli ýatyryldy

  • 04.07.2020 23:01
  • 3.1k+

Monaco Yacht Show 2020 sergisiniň guramaçylaryň koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda çäräniň tomaşaçylaryny we oňa gatnaşyjylary howp astyna goýmazlyk babatda gelen netijeleri sebäpli geçirilmejekdigi belli boldy. Bu barada newinform.com habar berýär.
Bu sergi şu ýylyň 23-nji sentýabryndan 26-njy sentýabr aralygynda geçirilmelidi. Onuň guramaçysy bolan Informa Markets kompaniýasy soňky hepdeler kesel barada statistiki maglumatlary ýygnamak we seljermek, şeýle-de howpy peseltmegiň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça iş alyp bardy. Netijede, guramaçylar ony ýatyrmak kararyna geldiler, sebäbi olar doly derejede howpsuzlygy üpjün edip bilmeýärler.
Kompaniýanyň wekili Çarli MakKerdiniň aýtmagyna görä, ýokary derejeli gämi türgenleriniň halkara bileleşigi hem pandemiýanyň gapdalyndan aýlanyp geçmedi, pandemiýa hem saglyga, hem adamlaryň we kärhanalaryň maliýe görkezijilerine zyýan ýetirdi. Bu sergi bir hepde işiniň içinde Monako knýazlygy, serginiň guramaçylary we gatnaşyjylary üçin 2 milliard dollar töweregi möçberde girdeji getirýär. Sergä goňşy ýurtlardan köp sanly ýewropalylar gelýär.
Häzirki günde Informa Markets özüniň ähli güýjüni ýylyň ikinji ýarymyna gönükdirýär. Ol oktýabrda Fort-Loderdeýlde gämileriň uly halkara sergisini geçirmekçi bolýar. Oňa 900-den gowrak gaýyk we 100 sany ýokary derejeli gämi gatnaşar.
Monako çäresi indi 2021-nji ýylda geçer we ol Monaco Yacht Show sergisiniň taryhynda şanly ýyl bolar, çünki oňa ilkinji geçirilen gününden bäri 30 ýyl dolýar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......