Kim Çen Yn Demirgazyk Koreýada koronawirusyň ýok bolmagyny düşündirdi

  • 04.07.2020 16:01
  • 16k+

Demirgazyk Koreýa koronawirus ýokanjyny halkyň agzybirliginiň we Zähmet partiýasynyň MK-niň kömegi bilen ýurduň territoriýasyna gelmegine ýol bermezlik başartdy, diýip partiýanyň başlygy Kim Çen Yn aýdýar. Muny Merkezi telegraf agentligine salgylanmak bilen rbc.ru ýetirýär.
KHDR-nyň Döwlet geňeşiniň başlygy Kim Çen Yn Koreýanyň Zähmet partiýasynyň MK-niň syýasy edarasynyň giňeldilen mejlisine gatnaşyp, täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy hereket etmek boýunça çäreleri maslahatlaşmak bilen döwlete partiýanyň tagallalarynyň we halkyň hökümetiň ähli görkezmelerini doly derejede ýerine ýetirmeginiň kömegi bilen epidemiologik howpdan baş çykaryp bilendigini aýtdy.
Kim Çen Yn mejlisiň dowamynda tutuş dünýä boýunça ýurtlarda täze koronawirusyň ikinji ýaýrawynyň ýüze çykmagy bilen baglylykda “epidemiýa garşy uruşda hiç hili arkaýynlaşmazdan ýa-da gowşamazdan” hüşgärligi saklamagyň möhümdigini belledi.
Demirgazyk Koreýanyň hökümetiniň resmi maglumatlary boýunça, ýurtda koronawirus ýokanjy bilen kesellemegiň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady. Ýanwaryň ahyryndan bäri ýurtda keseliň ýaýrawyndan goranmak boýunça gyssagly çäreler kabul edildi, ýagny serhetler ýapyldy, mekdepleriň işi bes edildi we umumy milli karantin girizildi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......