Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet boýunça täze wise-premýeri belledi

  • 03.07.2020 23:51
  • 9.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bahargül Abdyýewany başga işe geçmegi sebäpli medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bu wezipä Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Mährijemal Mämmedowa bellenildi.
Türkmen Lideri täze wise-premýere medeniýet, ýerli habar beriş serişdeleriniň işinde maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ulgamynyň material-tehniki mümkinçiliklerini doly herekete girizmegi, şeýle hem bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

şu gün 14:39
43

Tebigatda geçirilen birnäçe minut hem beýniniň ýagdaýyny üýtgedýär

Tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmek hem beýniniň işini düýpli üýtgedip bilýär. Halkara alymlar topary ýüzden gowrak ylmy barlagy seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda çap edildi...

şu gün 11:08
2.3k+

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
576

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
3.1k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...