Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

  • 18.03.2026 11:08
  • 7.8k+

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär.

Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy.  

«Men olaryň zäheriniň «portugal gämisinden» (portuguese man o'war) takmynan üç esse güýçli bolýandygyny eşitdim. Muňa ynanmagam kyn, sebäbi men, eger ölçemeli bolsa «gäminiň» awundyryşyny-da 10-da 9 balla çenli kesgitlärdim» diýip, HRI-niň işgäri Jeýs Tannell gürrüň berdi.

Uzynlygy bary-ýogy üç santimetre ýetýän molýuskalary çägäniň üstünde saýgarmak örän kyn. Şol sebäpli ýerli ýaşaýjylara juda seresap bolmak maslahat berilýär.

«Gök aždarha» ýa-da «gök perişde» (Glaucus atlanticus) aram we tropiki suwlarda ýaşaýan deňiz jandarydyr. Ol aşgazanyndaky gaz köpürjiginiň hasabyna suwuň ýüzünde saklanmagy başarýar.

Bu kiçijek ýyrtyjy zäherli sifonoforlar, esasan hem «portugal gämisi» bilen iýmitlenýär we özüni goramak üçin olaryň zäherli öýjüklerini özünde ýygnaýar. Şeýle iýmit tertibi sebäpli, molýuskanyň jansyz ýagdaýynda-da el degirmek örän agyryly bolup biler.


29.05.2026 23:05
4.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

29.05.2026 15:22
8k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 19:36
11k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 17:17
4.7k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....