Hytaýda örän howply bolup biljek doňuz dümewi ýüze çykaryldy

  • 03.07.2020 10:21
  • 12k+

HHR-iň alymlar topary PNAS amerikan neşirinde doňuzlaryň arasynda ýaýraýan dümewiň täze ştamyny ýüze çykarandyklary barada habar berilýän materialy neşir etdiler. Olaryň pikiriçe, onuň adam üçin howply bolmagy mümkin. Bu barada live24.ru saýtynda bellenilip geçilýär.
Bu keseli döredijileriň birnäçesini 2011-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda ýüze çykarmak başartdy. Hünärmenler olaryň arasynda esasy ünsi 2009-njy ýylda doňuz dümewi pandemiýasynyň sebäbi bolan H1N1 wirus genini saklaýan G4 EA H1N1 täze ştama üns berdiler.
“G4 wirusy dümewiň täze pandemiýasyny ýüze çykaryp biljek patogeniň ähli alamatlaryna eýe. Özüniň profili boýunça ol dümewiň häzirki möwsümleýin ştamlaryndan tapawutlanýar we adamdan adama geçip bilýär” – diýip, alymlar ýazýar. Barlagyň awtorlary dümewiň täze görnüşiniň 2016-njy ýyldan bäri ýaýraýandygyny belleýärler. Barlaghana işleri onuň adamyň dem alyş ýollarynyň epiteliýasynyň öýjüklerine örän ýeňil ornaşýandygyny görkezdi.
Alymlar ýurduň birnäçe doňuzdarçylyk fermalarynyň işgärlerini barlagdan geçirdiler we doňuzlar bilen gatnaşykda bolan işgärleriň 10,4%-inde G4 EA H1N1-e garşy antibedenjikleriň bardygyny kesgitlediler. Bularyň ählisi doňuz dümewiniň täze wirusynyň täze pandemiýanyň sebäbi bolup biljekdigini görkezýär. Alymlar täze infeksiýanyň öňüni almak üçin hemişe gözegçiligiň gerekdigini aýratyn belleýärler. “Doňuzlarda wiruslara yzygiderli gözegçilik indiki pandemiýany öňünden duýdurmak we oňa taýýar bolmak üçin möhüm” – diýip, makalanyň awtorlary nygtaýarlar.
Hut doňuz dümewi XXI asyrda birinji pandemiýa boldy. Belläp geçsek, dünýäde doňuz dümewi bilen kesellemegiň 1,6 million ýagdaýy 2009-njy ýylyň ýanwaryndan 2010-njy ýylyň awgusty aralygynda bellige alyndy. Kesellänleriň 18 müňden gowragy ýogaldy. Keseliň ilkinji ýagdaýlary hem ABŞ-da we Meksikada bellige alyndy, birnäçe aýyň içinde infeksiýa tutuş dünýä boýunça ýaýrady.

şu gün 00:57
118

Demrewe garşy sanjym infarkt howpuny 32% peseldýär

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze maglumatlara görä, demrewe garşy sanjym almak ýürek-damar keselli adamlarda infarkt döremek howpuny 32% peseldip biler. Alymlar bu netijäni gazanmak üçin ABŞ-yň ateroskleroz (damarlaryň daralmagy) keselli 246 müňden gowrak ýaşaýjysynyň maglumatlaryny öwrendiler...

düýn 15:20
1.8k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

düýn 07:47
1.5k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

21.03.2026 15:40
5k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...