Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasy on ýylyň içinde 4000%-den gowrak ýokarlandy

  • 02.07.2020 15:28
  • 3.9k+

29-njy iýunda Tesla kompaniýasynyň NASDAQ amerikan biržasynda paýnamalaryň söwdasyna başlanyna on ýyl doldy. Şu wagtyň içinde Ilon Maskyň kompaniýasy dünýäniň iň gymmat awtomobil kompaniýalarynyň birine we ABŞ-nyň iň gymmat awtokompaniýasyna öwrüldi. Tesla amerikan elektromobilleri öndürijisiniň paýnamalarynyň bahasynyň ösüşi ilkinji ýaýradylan pursatyndan bäri 4000%-den gowraga barabar boldy, bu barada CNBC telekanalyna salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Kompaniýa 2003-nji ýylda esaslandyryldy, ilkinji köpçülige hödürleme (IPO) 2010-njy ýylyň iýunynda geçirildi. Ýaýradylan pursaty bir paýnamanyň bahasy $23,89 möçberde bahalandyryldy, ýöne şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli Tesla-nyň bir paýnamasynyň bahasy $1009,35-e barabar boldy. Şeýlelik bilen ösüş 4125%-e deň boldy.
Ýöne kompaniýanyň paýnamasynyň birsydyrgyn ösmändigi bellenilýär, meselem, 2018-nji ýylyň tomsunyň ahyrynda paýnama bahasyndan 30% pese gaçdy. Teslanyň paýnama bahasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda Model Y täze krossoweriniň önümçilige goýberilmegi we elektromobilleriň Şanhaýdaky kärhanada çykarylyp başlanmagy bilen 140%-den gowrak ösdi.
Kompaniýanyň onýyllyk ösüşi depgini boýunça ABŞ-nyň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryndan degişli döwrüň içinde ep-esli öňe geçýär. Apple, Amazon, Netflix – bu kompaniýalaryň ösüşi on ýylyň içinde 3000%-den ýokarlanmady. Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň iýunynda Tesla kapitallaşdyrmak boýunça awtomobil kompaniýalaryndan, şol sanda bazaryň lideri Toyota ýapon kompaniýasyndan hem öňe geçdi.

düýn 08:19
1.9k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.1k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......