«Hemmeler üçin el arassaçylygy» — BSGG bilen ÝUNISEF-iň täze başlangyjy

  • 02.07.2020 14:24
  • 5.3k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Çagalar gaznasy el arassaçylygyny saklamaga gönükdirilen “Hemmeler üçin el arassaçylygy” atly bilelikdäki başlangyjyň düýbüni tutdular.
Milli hökümetleri, hususy sektory we halkara hyzmatdaşlary birleşdirýän bütindünýä kampaniýasy, esasanam ilatyň has ejiz gatlagynda arassaçylyk önümleriniň elýeterliligini goldamak we arassaçylyk medeniýetini ösdürmek maksady bilen döredildi.
“El arassaçylygy birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almakda elmydama-da möhüm ähmiýete eýedi. Indi dünýä täze COVID-19 ýokanjy bilen göreşýär. Onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin iň täsirli gurallaryň biri el arassaçylygydyr. COVID-19-a gözegçilik etmek üçin el arassaçylygyny hemmeler üçin elýeterli etmeli" - diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Henrietta Foret we BSGG-nyň baş müdiri doktor Tedros Adan Gebreýesus bilelikdäki beýanatda belleýärler. Olar ýurtlaryň ýolbaşçylaryny gigiýena, suw üpjünçiligine we sanitariýa, şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni almak üçin maýa goýumlaryny artdyrmaga çagyrýarlar.
Şeýlelik bilen, kampaniýanyň çäginde ýurtlar üçin giňişleýin ýol kartalary işlenip taýýarlanylar we el arassaçylygy boýunça global we ýerli tagallalara goldaw bermek üçin serişdeler bölünip berler. Iş topary öz gezeginde bilim alyşmagy-da ýeňilleşdirer we bu ugurdaky global ösüşe gözegçilik eder.
Ýeri gelende bellesek, el gigiýenasy bilen baglanyşykly zyýansyzlandyryjy serişdeler indi Türkmenistanda hem öndürilip başlandy. Bu babatda türkmen bazarynda ilkinji ädim “Täç hil” hususy kärhanasyna degişli. Kärhana ýurtda ilkinji bolup zyýansyzlaşdyryjy gel serişdelerini öndürmäge başlady. Önümler ýurdumyzyň ähli dükanlarynda elýeterli.

31.05.2026 00:28
4.8k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.2k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

29.05.2026 23:28
2.7k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
7.2k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......