Haýsy önümler dermanyň täsirini gaçyryp bilýär?

  • 02.07.2020 09:34
  • 11k+

Dermanlary diňe wagtly-wagtynda däl, eýsem, dogry iýmit bilen kabul etmelidir. Nähilidir bir sebäbe görä derman içmeli bolsaňyz, onda ony kabul etmegiň düzgünlerine berk eýermelisiňiz: dermanlary içmegiň yzygiderligini sypdyrmaň, ony kesgitlenilen wagtynda — nahardan öň ýa-da soň içiň.

Hatda lukmanyň hem duýdurmagy ýatdan çykarýan bir zady bar: dermanlar käbir önümler bilen bile içilse, bütin bejerginiň güýjüni gaçyryp biler.

Goodhouse.ru size bejergi doly tamamlanýança iýmekden-içmekden saklanmaly önümleriň sanawyny hödürleýär. Şu maslahata eýerseňiz, onda has basym sagalarsyňyz.
Greýpfrut we greýpfrut şiresi
Antioksidantlara baý, bagyra, derä we beýnä oňaýly täsir edýän, juda peýdaly, şonuň bilen bir hatarda, islendik derman bilen kabul edilende örän howply miwe. Hakykat greýpfrutdaky käbir birleşmeleriň bagyr we içege fermentleriniň täsirini bökdäp bilýändiginde. Netijede bolsa, hatda dermany kadaly mukdarda kabul etseňiz hem, dozanyň aşa köp düşmesine duçar bolmagyňyz mümkin.
Eger siz eýýäm derman içýän bolsaňyz, onda greýpfruty golaýyňyza hem getirmeli dälsiňiz!
Kelem
Ýüregagyryly, gany suwaldyjy serişdeleri kabul edýän adamlar üçin bu gök önümden daşrak durmakdan gowusy ýokdur.
Kelemde K witamini köp bolýar. Bu bolsa öz gezeginde ganyň goýalyp, damarlarda lagtalanmasynyň öňüni alýan dermanlaryň täsirini bökdäp bilýär. Netijede bolsa, alnan bar bejerginiň puja çykmagy mümkin.
Gaty peýnir
Gaty peýnirleriň düzüminde köp bolýan tiramin maddasy gan damarlaryny daraltmak üçin ajaýyp serişdedir. Eger-de siz gipertoniýa garşy dermanlary ýa-da antidepressantlary kabul edýän bolsaňyz, peýnir iýmek olaryň täsirini azaldyp ýa-da düýbünden gaçyryp biler.
Gowusy, gaty peýnire derek mozzarella ýa-da dorag (tworog) satyn alyň!
Banan
Kaliý maddasyna iň baý miweleriň biri - şonuň üçin gipertoniýa dermanlaryny kabul edýän bolsaňyz, bananlary ret etmek has gowudyr.
Dermanlaryň zyýanly täsirlerinden biri ganda kaliniň toplanmagydyr. Dermanyň banan bilen bilelikde kabul edilmegi onuň täsiriniň güýçlenmegine we ýürek ritminiň bozulmagyna sebäp bolup biler.
Apelsin
Eger-de aspirin içýän bolsaňyz, onda size apelsin iýmek we apelsin suwuny içmek düýbünden gadagandyr.
Mandarin, limon we beýleki sitrus miweleri hem şeýle: bu miweleriň asetil kislotasy bilen birleşmegi aşgazanyň nemli mukozasyny güýçli gyjyndyrylmagyna sebäp bolup biler. Bu esasanam gastritli adamlar üçin howpludyr.
Süýt
Eger-de siz antibiotikleri kabul edýän bolsaňyz, onda süýt içmäň: süýt antibiotikleriň täsirini bütinleý ýok etmäge ukyplydyr.
Süýt önümlerinde köp bolýan kalsiý antibiotikleri birleşdirýär we olary siňip ýetişmänkä içege arkaly sürüp alyp gidýär. Netijede, bejergi düýbünden biderek bolup bilýär.

09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....