Tokionyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy 2021-nji ýyldaky Olimpiada garşy çykdylar

  • 01.07.2020 17:41
  • 4.2k+

Tokionyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy 2021-nji ýylyň tomsuna meýilleşdirilen Olimpiýa oýunlary ýa-ha ýene bir gezek yza süýşürilmeli, ýa-da düýbünden ýatyrylmaly diýip hasaplaýarlar, muny Kiodo agentligi we Tokyo MX telekanaly tarapyndan geçirilen jemgyýetçilik pikiriniň derňewiniň maglumatlary delillendirýär. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Halkara olimpiýa komiteti (HOK) we Tokioda Oýunlaryň guramaçylyk komiteti martyň ahyrynda koronawirus pandemiýasy sebäpli tomusky Olimpiadanyň 2021-nji ýyla süýşürilýändigi barada habar berdiler. Oýunlar 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgust aralygynda geçmeli.
Iýunda Tokioda Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň agzasy Haruýuki Tahahasi turniriň gaýtadan süýşürilmegine rugsat berdi. Ol koronawirus täzeden ýaýran ýagdaýynda Oýunlaryň doly derejede ýatyrylmagynyň gerek däldigini, sebäbi ýagdaýyň şeýle gidişiniň ýapon we dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir etjekdigini belledi.
Öň, HOK-nyň prezidenti Tomas Bah Tokioda Olimpiadanyň 2021-nji ýylda geçirilip bilinmedik ýagdaýynda, guramanyň turniri ýatyryp biljekdigini habar berdi. Onuň pikiriçe, Oýunlaryň gaýtadan süýşürilmegi mümkin däl, sebäbi halkara federasiýalara ýaryşlaryň senenamasyny her ýyl täzeden üýtgetmek bolmaýar.
Sorag edilenleriň 27,7%-i Olimpiadanyň doly ýatyrylmagyny goldaýarlar, 24%-i Oýunlar gaýtadan süýşürilmeli diýip hasaplaýarlar. Ilkibaşda, Tokioda Olimpiýa oýunlary şu ýylyň tomsunda geçmelidi, ýöne koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi.
Olimpiadanyň bellenilen möhletde geçirilmegini sorag edilenleriň 46,3%-i goldady, ýöne olardan 31,1%-i Oýunlar gysgaldylan formatda geçirilmeli diýip hasaplaýarlar. Jemgyýetçilik pikiriniň derňewi 26-syndan 28-nji iýun aralygynda tutuş ýurt boýunça tötänden aýlanan nomerler boýunça edilen jaňlaryň esasynda geçirildi. 1030 sany jogap alyndy.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......