Holliwud koronawirusyň Hytaýda ýaýraýşynyň ilkinji hepdeleri barada film düşürer

  • 01.07.2020 06:01
  • 9.2k+

Holliwudda Hytaýda koronawirusyň ýaýramagynyň ilkinji hepdelerine bagyşlanan drama surata düşürmegi meýilleşdirýärler. Oňa SK Global Entertainment kompaniýasy prodýuserlik eder. Bu barada tk.media habar berýär.
Filmiň ssenarisini ýazmak Oskar baýragynyň eýesi Çarlz Rendolfa ynanyldy. Rendolf filmiň koronawirus pandemiýasyna bagyşlanan triller däl-de, eýsem, lukmançylyk dramasydygyny aýtdy. Taslamanyň awtorlary filmi Hytaýyň çäginde düşürmäge rugsat berler diýip umyt edýärler. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, ýerli häkimiýetler bilen gepleşikleri guramaly bolar. "Wall Street Journal" neşiriniň habar bermegine görä, taslamany durmuşa geçirmek üçin näçeräk mukdarda pul gerek boljakdygy entek belli däl.
Eger-de hiç hili bökdençlik ýüze çykmasa, filmi surata düşürmek işleri indiki ýylyň birinji çärýeginde başlar diýlip çaklanylýar. Filmiň sýužeti, esasan, hytaýly lukmanlaryň ozal näbelli kesele garşy nähili göreşendikleri barada bolar. Filmiň ekranlara çykjak wagty barada gürleşmek üçin bolsa, heniz wagt bar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......