Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wise-başlyklyk eder

  • 01.07.2020 05:00
  • 4.3k+

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Biziň ýurdumyz eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy.
Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

düýn 20:40
6.1k+

Kairde ýeriň aşak çökmegi sebäpli iki dükan ýer astyna gitdi

Müsürde topragyň duýdansyz çökmegi netijesinde gül we konditer önümleriniň dükanlary ýeriň astyna gitdi. Bu barada Al Arabiya habar berýär. Waka Kairiň Et-Tagammoa sebitindäki awtoulag ýangyç bekediniň golaýynda bolup geçdi...

düýn 14:51
5.3k+

Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar

Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir...

31.01.2026 22:40
4.7k+

Niderlandlaryň Kümüş muzeýi talandy

Niderlandlaryň Dusburg şäherindäki Kümüş muzeýi näbelli kişiler tarapyndan talandy. Jenaýatçylar umumy bahasy on müňlerçe ýewro barabar bolan 300-den gowrak gymmatly kümüş eksponatlary ogurladylar. Muzeýiň müdiriýetiniň başlygy Ernst Busweldiniň habar bermegine görä, ogurlyk gije bolup geçipdir...

31.01.2026 19:26
15k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...