Kerimguly Berdimuhamedow — «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi

  • 01.07.2020 03:17
  • 20k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Kerimguly Berdimuhamedow edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Milli aýdym-saz medeniýetiniň ýollaryny oňat bilýän hem-de oňa belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň parasatly halypaçylygynda Kerimguly Berdimuhamedow aýdym-saz sungaty bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol eýýäm halkymyzyň ýüreginde çuňňur orun alan birnäçe saz eserlerini döretdi. Sungat äleminiň ýaş ýyldyzy bolup döredijilik ýoluna düşen ýaş kompozitor, aýdymçy, sazanda Kerimguly Berdimuhamedow täze aýdym-sazlary döretmegiň üstünde yzygiderli işleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp wasp edip, milli sungatymyzyň täze eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýandygyny, baýramçylyk çärelerinde üstünlikli çykyş edýändigini we halk köpçüliginden gelýän köp sanly isleg-arzuwlary, şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar etdi:
Kerimguly Berdimuhamedow edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we ol Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de 3500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen sylaglandy.

şu gün 16:06
131

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

şu gün 16:00
115

20,6 mln tomaşaçy toplan «Ýelloustonyň» spin-offy derrew 2-nji möwsüme uzadyldy

CBS teleýaýlymy «Marşallar» atly dramatik serialynyň premýerasyndan bary-ýogy 12 gün geçensoň, ony ikinji möwsüme uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu karar taslamanyň rekord derejedäki ýokary reýtingleriniň esasynda alyndy...

şu gün 15:33
350

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar...

şu gün 15:28
417

Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...