Putin: koronawirusyň kimdir biri tarapyndan ýaýradylandygy barada gürlemäge esas ýok

  • 29.06.2020 18:06
  • 21k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin COVID-19 koronawirusynyň emeli gelip çykyşyny tassyklamak üçin esas görmeýär. Döwlet ýolbaşçysy pandemiýanyň ýüze çykaran çökgünligini onuň çaknyşmaly bolan iň uly çökgünliginiň biri diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, häzir “munuň nireden gelip çykandygynyň gürrüňini etmän”, bolup geçen zada garşy hereket etmeli.
“Muny kimdir biri ýörite ýaýratdy, kimdir biri nämedir bir zady ýörite etdi diýip gürlemäge hiç hili esas ýok. Meniň pikirimçe, kimdir biri şu pikirde galsa, mundan hiç hili gowulyk çykmaz” – diýip, Prezident “Rossiýa 1” telekanalynda “Moskwa. Kreml. Putin” programmasyna beren interwýusynda aýdýar, muny ТАSS ýetirýär. Ýatlap geçsek, öň ABŞ-nyň we Günbataryň beýleki ýurtlarynyň wekilleri Hytaýyň wirusyň tebigy gelip çykyşy baradaky resmi pikirini tankyda sezewar etdiler.
Russiýanyň Prezidentiniň pikiriçe, COVID-19 bilen netijeli göreşmek üçin ýurtlar biri-birini günäkärlemeli däl-de, güýçlerini birikdirmeli. “Bize bolup geçýän zadyň esasyna düşünmek we gorag ulgamyny gurmak gerek. Munuň nireden gelip çykandygy – eýýäm başga mesele. Biziň hemmämizi bu howpdan dyndyrmaga getirjek zady etmeli. Bize gapma-garşylyk ýolunda däl-de, şu ýolda üstünlik garaşýar” – diýip, Wladimir Putin belleýär.
Russiýanyň lideri pandemiýa sebäpli dörän sosial-ykdysady çökgünligiň göwrümini hem bahalandyrdy. “Megerem, bu iň ulularynyň biri. Üstesine-de, ol ýeterlik derejede agyr”. Ol ýurtlaryň bu döwri eger-de oýlanyşykly we öz wagtynda hereket edilse, az ýitgi bilen geçmäge mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alyp, ähli mümkinçiligi hakyky bahalandyrandygyny hem belledi.
Soňky gije-gündizde Russiýada COVID-19 bilen kesellemegiň 6791 täze ýagdaýy bellige alyndy, kesellänleriň umumy sany 634 437-ä ýetdi. Russiýa kesellänleriň sany boýunça dünýäde üçünji orunda bolmagynda galýar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......