BSGG koronawirusa garşy göreş çykdajylaryny 31 milliard dollar diýip hasaplady

  • 29.06.2020 18:01
  • 6.7k+

Koronawirusyň çalt ýaýramagy dünýäniň ýurtlaryndan pandemiýa garşy dessin göreşi talap edýär. Koronawirus infeksiýasyna garşy sanjymlary çalt taýýarlamak işi we olaryň önümçiligi, keseli bejermek üçin serişdeler, şeýle-de ony anyklamagyň we barlagdan geçirmegiň usullary ýakyn wagtda 31 milliard amerikan dollary möçberinde çykdajyny talap eder. Bu barada brifingiň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri aýtdylar. Muny kp.ru ýetirýär.
BSGG tarapyndan esaslandyrylan ACT-Accelerator halkara hyzmatdaşlyk meýilnamasy apreliň ahyrynda işe girizildi, meýilnamanyň çäklerinde 2021-nji ýylyň ortalaryna çenli pes we orta girdejili ýurtlara jan başyna 500 mln keseli anyklaýjy barlaglary we 245 mln terapiýa serişdeler toplumyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, bu döwletleri koronawirusa garşy sanjym bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
— Häzirki günde hödürlenilen çykdajy meýilnamasy 31,3 milliard dollar möçberde maliýeleşdirmäni göz öňünde tutýar. 3,4 milliard töweregi eýýäm kabul edildi, ýöne ýakyn wagtda şu ýylyň içinde ýene-de 27 milliard dollardan gowrak gerek bolar. Olaryň ýarysy gaýragoýulmasyz zerurlyklar üçin sarp ediler – diýip, guramanyň wekilleri bu serişdeleriň “hökman çykdajyny ödejekdigini” bellemek bilen habar berýärler.
BSGG-niň taslamasynyň ýörite wekili Ngozi Okonjo-Iwealyň aýtmagyna görä, eger-de häzir dünýä ýurtlary koronawirus infeksiýasyna garşy göreşe milliardlary harçlasalar, geljekde olar trillion möçberdäki çykdajydan gaçyp bilerler.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......