Ispaniýa raýatlara puly şeýle paýlamaga başlady

  • 29.06.2020 12:05
  • 10k+

Ispaniýa ilata puly şeýle paýlamagy göz öňünde tutýan minimal güzeran girdeji meýilnamasyny işe girizdi. Bu barada Euronews habar berýär, muny lenta.ru ýetirýär.
Döwletden pul kömegini ilatyň iň gowşak gatlaklaryndan 255 müň adam alyp biler. Goldawa ilkinji bolup eýe boljaklardan ýarysy çagalar bolar. Meýilnama doly derejede işe girizilenden soň, tölege 850 müň öý hojalygy ýa-da 2,3 million adam dalaş edip biler.
Minimal güzeran girdejisi öý hojalyklaryna tölenilýär. Tölegiň bir adam üçin möçberi 462 ýewro barabar bolar. Maşgala agzalarynyň sanynyň artmagy bilen kömek pulunyň möçberi hem ýokarlanar. Onuň maksimal möçberi aýda 1015 ýewro barabar bolar. Umumy alanyňda, meýilnama býujetiň her ýylky çykdajysy üç milliard ýewro bilen bahalandyrylýar.
Ilata maliýe goldawyny bermek bilen bagly bu çäre hökümetiň Podemos çepçiler partiýasy bilen ylalaşygynyň netijesi boldy. Onuň liderleri eýýäm birnäçe wagt bäri minimal girdejiniň tutuş Ýewropa soýuzy boýunça deň derejede üpjün edilmelidigini nygtaýarlar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň baha bermegi boýunça, Ispaniýa koronawirusdan ykdysady ýitginiň möçberi boýunça Ýewropada liderlik edýär. Özüniň batandygy barada soňky iki aýyň içinde 100 müň ispan kärhanalary habar berdiler. Ýagdaýyň has erbet tarapy bolanda, ýurduň JIÖ-i 2020-nji ýylda 15 göterim kemeler. Minimal güzeran girdejisi meýilnamasyny girizmek barada birinji gezek Ispaniýanyň hökümeti aprelde gürrüň açdy. Esasan, maşgalalara kömek etmek meýilleşdirilýär. Pandemiýa tamamlanandan soň, tölegleri ýatyrmak göz öňünde tutulmaýar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......