Özbegistanyň medeniýet ministrine "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly at dakyldy

  • 29.06.2020 11:19
  • 5.6k+

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini we hünär ussatlygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Ozodbek Ahmadowiç Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.

şu gün 09:50
107

Google, Spotify, ChatGPT we beýleki hyzmatlaryň işinde global näsazlyk ýüze çykdy

Downdetector platformasynyň maglumatlaryna görä, 12-nji iýun gijesi uly sanly hyzmatlaryň birnäçesiniň işinde giň gerimli näsazlyk ýüze çykdy. Ulanyjylar Google hyzmatlaryny – Cloud, Drive, Meet, Gmail, şeýle-de gözleg ulgamy we YouTube wideohostingini ulanmaga synanyşanlarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny habar berdiler...

düýn 10:45
4.1k+

“Tanyş görünýär”: Samsung iOS 26-nyň täze funksiýalarynyň anonsy üçin Apple-i ýene ýaňsylady

Samsung-yň amerikan bölümçesi iOS 26-nyň tanyşdyrylyşyna seslenip, bäsdeşini ýene ýaňsylamak mümkinçiligini elden bermedi. WWDC 2025 konferensiýasynyň dowamynda Apple täzelenen operasion ulgamlary we emeli aňa esaslanýan täze funksiýalary hödürledi...

düýn 10:40
3.2k+

Hytaýda gök reňkli 131 santimetrlik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana satyldy

Hytaýda geçirilen ýazky “Ýunle” onlaýn auksionynda boýy 131 sm bolan gök plastik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satyldy. Bu gurjak heýkeliniň şu görnüşde ýeke-täk nusgasydyr diýip, “Keçuanban žibao” neşiri ýazýar...

düýn 10:38
898

Google Chrome täzelenmeleri käbir köne iPhone we iPad modelleri üçin elýeterli bolmaz

Meşhur Google Chrome brauzeri indi köne Apple enjamlarynda täzelenmez. MacRumors portalynyň habar bermegine görä, bu birnäçe iPhone we iPad modellerine degişli bolar. Deslapky maglumatlara görä, geljekki Chrome wersiýalary aşakdaky enjamlary goldamaz: iPhone X; iPhone 8; iPhone 8 Plus; 5-nji nesil iPad; Birinji nesil 9,7 dýuýmlyk iPad Pro; Birinji nesil 12,9 dýuýmlyk iPad Pro...