Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi

  • 29.06.2020 11:05
  • 18k+

28-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp gördi.
Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen toplumyň ýapyk manežine geldi. Bu ýere milli Liderimiziň agtygy Kerim ajaýyp ahalteke bedewlerini açyk maneže alyp geldi. Şu pursatda döwlet Baştutanymyzyň uly agtygy Enejan bedewiň suratyny çekmäge başlady. Milli Liderimiziň beýleki agtyjagy Aýgül özüniň zehin siňdirip dokan alajasyny bedewiň boýnuna dakdy. Hormatly Prezidentimiziň agtyjagy Aýjeren hem dokan alajasyny behişdi bedewiň boýnuna dakdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Şapolat atly bedewe atlandy we manežiň çapuw ýodasynda öwrüm etdi.
Soňra döwlet Baştutany agtyjaklary bilen “Altyn köle” bardylar. Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýörite suw ulagyna münüp, kölde birnäçe öwrüm etdi. 
Türkmen Lideri soňra agtygy Kerim bilen skuterde kölde ýüzüşi amala aşyrdylar.

şu gün 16:06
131

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

şu gün 16:00
115

20,6 mln tomaşaçy toplan «Ýelloustonyň» spin-offy derrew 2-nji möwsüme uzadyldy

CBS teleýaýlymy «Marşallar» atly dramatik serialynyň premýerasyndan bary-ýogy 12 gün geçensoň, ony ikinji möwsüme uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu karar taslamanyň rekord derejedäki ýokary reýtingleriniň esasynda alyndy...

şu gün 15:33
350

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar...

şu gün 15:28
417

Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...