Artur Konan Doýlyň mirasdüşerleri Netflix-i suda berdiler

  • 28.06.2020 13:45
  • 5k+

Kazyýet işi "Enola Holms" seriýasynyň döredilmegi sebäpli gozgaldy, diýip Yandex habar berýär.
Meşhur Şerlok Holmsy döreden Artur Konan Doýlyň garyndaşlary Netflix-i "Enola Holms" seriýalynyň döredilmeginde awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin suda berdi. Bu barada "The Independent" habar berýär. Filmiň ylmy-fantastik ýazyjysy Nensi Springeriň Şerlok Holmsyň kiçi uýasy hakda ýazan kitaplarynyň toplumyna esaslanýandygy bellenildi.
2014-nji ýylda Konan Doýlyň mirasdüşerleri 1923-nji ýyla çenli ýazylan detektiw hakda eserler üçin hak almagy bes etdiler, sebäbi kazyýet olary jemgyýetçilik gazananlary diýip ykrar etdi. Şeýle-de bolsa, ýazyjynyň garyndaşlary seriýalda Konan Doýlyň bu gadagançylyga girmeýän soňraky hekaýalaryna salgylanmalaryň bardygyny tekrarlaýarlar.
Kazyýet işiniň Netflix-e, “Legendary Pictures” film kompaniýasyna, “Penguin Random House” neşirýatyna, ssenaristler Nensi Springere we Jek Torne, şeýle hem režissýor Garri Bredbire garşy gönükdirilendigini bellemelidiris. Mirasdüşerler Konan Doýlyň "asyl awtorlyk edähetleriniň laýyk gelmezligi" bilen baglanyşykly nägilelik bildirdiler. Şeýle hem, bu seriýalda 1923-nji ýyldan soň ýazylan hekaýalarda Holmsa mahsus bolan "adamlara duýgudaşlygy we garaýşy" görkezilýändigini mälim etdiler.
“Enola Holms” filminiň premýerasy şu ýylyň ahyrlaryna meýilleşdirilýär. Onda esasy zenan roly Milli Bobbi Braun ýerine ýetirer we aktýor Genri Kawill Şerlokyň keşbini janlandyrar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......