Türkmenistan COVID-19 keseline garşy tehnologiýalaryň elýeterlik Binýadyna goşulýar

  • 28.06.2020 06:54
  • 10k+

COVID-19 pandemiýasyna garşy durmakda we onuň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmak möhümdir. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler meseleleri boýunça Ýörite geňeşçisi jenap Ýens Wandel bilen geçiren wideomaslahat görnüşinde duşuşygynda bellenilip geçildi.
Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýörite düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähtden Türkmenistanda howply keselleriň öňüni almak, şol sanda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça Adatdan daşary toparyň işi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy, şeýle hem ýurduň COVID-19 keseline garşy tehnologiýalaryň elýeterlik Binýadyna goşulmak babatda alyp barýan işleri beýan edildi.
Pandemiýa garşy çäreleriň maddy-tehniki üpjünçiligi ulgamyny goldamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň gün tertibine bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-nyň gatnaşyklarynyň geljegi barada meseleler girizildi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......