“Sony” PS4-de ýüze çykaryljak islendik kemçilik üçin 50 müň dollar tölär

  • 27.06.2020 09:02
  • 5.1k+

“Sony Interactive Entertainment” “HackerOne” bilen bilelikde “PlayStation Bug Bounty” jemgyýetçilik programmasyny önümçilige girizdi. Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler we pleýsteýşn oýunçylary üçin bolsa PlayStation 4-iň (PS4) konsolyndan kemçilik tapyp, pul gazanmaga mümkinçilik döredi.
Öndürijiler ýüze çykaryljak islendik kemçilik üçin pul baýragyny hödürleýärler. Baýrak 50 müň dollardan başlanýar. Ondan öň “Sony” diňe birnäçe gözlegçiniň kömeginden peýdalanýardy. Ýöne soň kompaniýa bu programmany has köp ulanyja elýeterli etmek kararyna geldi.
“PlayStation” öz blogunda: "Köpçülikleýin barlagyň howpsuzlygy ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny bilýäris, şonuň üçin programmamyzy has giň jemgyýetçilik üçin elýeterli etmekden hoşaldyrys" diýip belleýär.
“PlayStation”-yň UX dizaýn taslamasynyň wise-prezidenti Matt MakLorin öňümizdäki “PlayStation 5” (PS5) konsolynyň düýbünden täze interfeýs aljakdygyny aýtdy. NEWS.ru muny "operasiýa ulgamynyň gaty täsin ewolýusiýasy" diýip häsiýetlendirdi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......