Küşt milletparaz sport hasaplanyldy

  • 27.06.2020 08:46
  • 6.5k+

Küşt oýnunda aklaryň ilkinji bolup göçüm edýänligi Awstraliýa korporasiýasyny iňkise gidirdi - žurnalistler hatda ýörite derňew hem geçirdiler.
Ýewrosportuň” habar bermegine görä, Awstraliýa teleradioýaýlymlar korporasiýasynyň Sidneý radiostansiýasy küşti milletparaz sport hasaplady. Şunuň bilen baglylykda, korporasiýanyň žurnalistleri ýörite derňew hem geçirdiler. Derňewiň dowamynda olar pikir soraşma gatnaşyjylara şeýle sowal bilen ýüzlendiler: oýunda aklaryň hemişe ilki göçüp başlaýandygy üçin küşti milletparaz sport hasaplap bolarmy?
Bu pikir soraşma gatnaşanlar, oňa gytaklaýyn garaýyşlaryny beýan edenler köp boldy. Küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow hem Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda teswir arkaly seslenmek bilen, bu sowala jogap berdi.
Kasparow: "Küşt oýnunyň milletparazlygy sizi alada goýýan bolsa, onda gidiň-de Go oýnaň. Onda garalar ilki göçýär. Galyberse-de, şular ýaly "derňewler" üçin biderek pul sarp edip samsyk görünmekden, şeýtmek has gowudyr" – diýdi.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......