ÝUNFPA-nyň kampaniýasy: Türkmenistanyň erkekleri zenanlary näme üçin sarpalaýarlar?

  • 26.06.2020 12:24
  • 25k+

Ene, gyz, gelin, uýa her bir erkek göbekliniň durmuşynda iň gymmatly hasaplanýan şahslar. Olaryň gymmaty, arzysy her maşgalada mukaddeslik saýylýar. Her erkek öz ömrüniň hemişelik hemrasyna, perzent-zürýadyna, uýasyna aýratyn hormat bilen garaýar. Bu, elbetde, siziň durmuşyňyzda hem, gürrüňsiz, şeýledir. Bu hormat-sarpanyň näderejededigini açyp görkezmäge bolsa BMG-niň Ilat Gaznasy çagyrýar. Has dogrusy, ÝUNFPA Türkmenistanyň erkeklerini #arzylyzenan (#shecounts) kampaniýasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Kampaniýanyň esasy maksady zenanlara berilýän ähmiýeti has aýdyň görkezmek, olaryň jemgyýetiň esasy sütünleriniň biridigine ünsi çekmek bolup durýar.
Öz durmuşyňyzda ähmiýetli hasaplaýan zenanyňyz (gyzyňyz/gelniňiz/uýaňyz) bilen düşen suratyňyzy BMG-niň Ilat Gaznasynyň ýurdumyzdaky wekili Ene Tüýliýewanyň elektron 
tuyliyeva@unfpa.org salgysyna ibermeli; ol zenany näme üçin arzylaýandygyňyzy beýan etmeli.
Şeýle hem şu aşakdaky aňlatmalary hem ulanyp bilersiňiz:
“Gyzym/gelnim/uýam meniň üçin #arzylyzenan, sebäbi:
•Onuň bahasyna ýetip bolmaýar
• Ol biziň bagt çeşmämiz
• Ol akyly bilen özüni aldyrýar
• Ol öz durmuşyny özi gurýar
• Ol biziň şamçyragymyz
• Onuň sagdynlygy maşgalamyzyň sagdynlygy
• Onuň işi deň jogapkärli
• Ol biziň daýanjymyz/maşgalamyzyň daýanjy
• Onuň kämilligi halkymyzyň bähbidi
ÝUNFPA ugradylan suratlary nusgadaky ýaly taýýarlap, 29-njy iýunda sosial torlarda paýlaşmaga başlar. Şeýle hem size ugradar.

şu gün 16:06
131

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

şu gün 16:00
115

20,6 mln tomaşaçy toplan «Ýelloustonyň» spin-offy derrew 2-nji möwsüme uzadyldy

CBS teleýaýlymy «Marşallar» atly dramatik serialynyň premýerasyndan bary-ýogy 12 gün geçensoň, ony ikinji möwsüme uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu karar taslamanyň rekord derejedäki ýokary reýtingleriniň esasynda alyndy...

şu gün 15:33
350

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar...

şu gün 15:28
417

Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...