Daşoguzdaky Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň wakalary

  • 25.06.2020 23:17
  • 2.5k+

Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky gününde oňa gatnaşyjylar üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem, milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeniýet öýünde mowzuklaýyn sergi hem guraldy.
Şol gün agşam dabaralar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda dowam etdi. Şol ýerde, aýdymçylaryň we sazandalaryň howandary Aşyk Aýdyň piriň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Diýarymyzyň bagşylarynyň we dessançylarynyň gatnaşmagynda «Bitarap Watanyň bezegi-nagşy, Şirwan perdä galyp çalsana bagşy» atly dabara geçirildi. Artistleriň ýerine ýetirmeginde dessanlar hem-de halkymyzyň söýgüli aýdymlary ýaňlandy.
Döredijilik forumynyň wakalara baý bolan dördünji güni Daşoguz şäherinde sungat ussatlarynyň köpöwüşginli konserti bilen tamamlandy.

şu gün 11:08
1.3k+

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
546

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
3k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...

düýn 19:39
5k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi...